Ï Owganystan TOPH taslamasynyň sebit üçin taryhy ähmiýetini nygtaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owganystan TOPH taslamasynyň sebit üçin taryhy ähmiýetini nygtaýar

view-icon 99
Owganystan TOPH taslamasynyň sebit üçin taryhy ähmiýetini nygtaýar

Owganystan Yslam Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tutuş sebit üçin strategik ähmiýetini nygtady.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar depginli ösýär, bu ugurda bilelikdäki infrastruktura başlangyçlary möhüm orun eýeleýär. Owgan tarapy TOPH gaz geçirijisini, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini diňe bir ykdysady taslamalar hökmünde däl, eýsem, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde hem garaýar.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ilatyny energiýa bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, owgan maýadarlary üçin tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek boýunça amatly mümkinçilikleri döreder.