Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýetine eýedigini nygtady we Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň dostluk serhedidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisi hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanyna öwrüldi we iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň taryhyna girdi.