Ï Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar

view-icon 203
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar

2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda ilçi Demirok özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge iki doganlyk halklaryň ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmegiň esasy faktory bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar abraýly halkara we sebit guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde özara hereketleriň oňyn tejribelerini dowam etdirmek boýunça hem gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere hem seretdiler. Şunda taraplar söwda gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen nygtadylar we haryt dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek babatynda özara garaýyşlary tassykladylar.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.