Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri trikotaž önümlerini, wafel matany, nah ýüplügi, pagta lintini, arassalanan pagta galyndylaryny, buýan köküniň ekstraktyny, buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 260 müň manada deň bolan nah matany satyn aldylar.