Ï Daşoguz welaýatynyň tikinçilik kärhanalary önümçiligiň ýokary depginini saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň tikinçilik kärhanalary önümçiligiň ýokary depginini saklaýar

view-icon 51
Daşoguz welaýatynyň tikinçilik kärhanalary önümçiligiň ýokary depginini saklaýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri çagalar we ulular üçin niýetlenen egin-eşikleriň onlarça görnüşini, düşek we öý tekstil önümlerini öndürýärler. Öndürilen önümleriň esasy bölegini dürli edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda taýýarlanan ýörite egin-eşikler düzýär. Zähmet toparynyň ýokary hilli biçim we tikin aýratynlyklary bilen tapawutlanýan önümlerine uly isleg bildirilýär. Önümçilikde berk we ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan peýdalanylýar.

Köp sanly amallary netijeli ýerine ýetirmäge ukyply ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ulanylmagy daşoguzly tikinçilere bildirilýän talaplara laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada alyjylaryň durnukly islegini üpjün etmek maksady bilen önümleriň görnüşlerini giňeltmek, öndürilýän önümleriň hataryny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Fabrigiň zähmet topary önümçiligiň ýokary depginini mundan beýläk-de saklamagy maksat edinýär.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzda pagta çigidiniň iri öndürijileriniň biri bolmak bilen, ony gaýtadan işlemek üçin ýeterlik mümkinçiliklere eýedir. Bu ýerde birnäçe pagta arassalaýjy kärhanalar, şeýle hem Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda iri pagta egriji fabrikler öndürijilikli işleýär. Olaryň öndürýän önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Soňky ýyllarda telekeçilik başlangyçlaryna döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň berilmegi we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen amatly ykdysady şertleriň netijesinde welaýatda uly möçberde egin-eşik öndürýän birnäçe hususy kärhana hem işe girizildi.