Ï «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döwrebap tehnologiýalary bilen sergide
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döwrebap tehnologiýalary bilen sergide

view-icon 172
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döwrebap tehnologiýalary bilen sergide

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýokary tehnologiýaly önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldip, şäher gurşawy we ulanyjylaryň amatlylygy üçin döwrebap çözgütleri durmuşa geçirýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda kompaniýa çagalar üçin niýetlenen we maşgalanyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe täze önüminiň synag nusgalaryny görkezdi.

Şolaryň biri multimedia ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen çagalar stomatologiýa kürsüsidir. Ekran sazlanýan ştanga berkidilip, çaga ýatan ýagdaýynda onuň gözüniň öňünde ýerleşýär. Bu ulgam bejergi wagtynda multfilmleri we interaktiw mazmuny görkezmek arkaly çagalaryň aladasyny we gorkusyny azaltmaga gönükdirilendir.

– Bu çözgüdi tapgyrlaýyn önümçilige goýbermegi meýilleşdirýäris. Planşet oýunlar we multfilmler bilen üpjün edilendir. Bu çagalaryň bejergi amallaryndan gorkmazlygyna ýardam eder, şeýle hem lukmanlar we ene-atalar üçin has amatly şert döreder- diýip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekili Muhammet Hojamyradow sözüni dowam etdi – Mundan başga-da, ýakyn wagtda çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Wi-Fi ulgamyny goldaýan akylly gulplary öndürmegi meýilleşdirýäris. Şeýle gulplar ene-atalara ýörite programma arkaly çaganyň öýe giren we çykan wagtyny takyk görmäge, çaga açary ýa-da kody ýatdan çykaran ýagdaýynda bolsa gapyny uzak aralykdan açmaga mümkinçilik berýär.

Sergide dürli giriş ulgamlary bolan modeller hödürlenýär. Olara Wi-Fi, ykjam programma, ýüz keşbini tanamak, PIN-kod, barmak yzy we EM-karta arkaly açylýan gulplar degişlidir.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň tehnologik we ykdysady ösüşine yzygiderli goşant goşýar. Kärhana 2022-nji ýyldan bäri her ýyl döwlet sargydy esasynda birinji synp okuwçylary üçin döwrebap noutbuklary öndürýär. Bu önümler çagalaryň sanly dünýäde ilkinji ädimlerini ätmegine ýardam berýär.

Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatynda elektrik we elektron önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda bank we SIM kartalary, kabeller, hasaplaýyş enjamlary we beýleki önümler bar.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly serginiň çäklerinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýaş sergä gelenler üçin sanly we interaktiw oýunjaklardan, şeýle hem öwrediji sesli ulgamlardan ybarat ösdüriji toplumlary taýýarlap, olary çagalara sowgat berdi.

Öndürijileriň bellemegine görä, irki ýaşdaky çagalar üçin önümler taýýarlanylanda möhüm ýörelgeleriň biri bolan deňagramlylyk göz öňünde tutulýar. Ýagny ekran wagtynyň mümkin boldugyça az bolmagy bilen bir hatarda, çagalaryň zatlary el bilen duýup, olar bilen özara täsirleşmegine giň mümkinçilik berilýär.