Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalarynyň sanawynda gurluşyk ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda gurulýan, ulanylmaga berilýän häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan döwrebap binalardyr desgalar berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň belentden toýlanylýan 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işler bolsa, ähli ulgamlar bilen birlikde gurluşyk pudagynda hem bedew batly ösüşleri emele getirýär. Elbetde, gurmak üçin ilki bilen gurluşyk serişdeleri gerek. Bu islegi amal etmek maksat bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan ýokary hil derejesindäki gurluşyk serişdelerini öndürýän kuwwatly kärhanalardyr zawodlaryň gurulmagy özüniň buýsandyryjy netijelerini berýär.
Berkarar Diýarymyzyň diňe Lebap welaýatynda döwlet we hususy eýeçilikdäki şeýle kärhanalaryň we zawodlaryň onlarçasynyň bolmagy ýurdumyzda gurmak, döretmek meselesine aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Bu babatda sebitde bar bolan tebigy baýlyklaryň ummasyz gorundan ýerlikli peýdalanylýandygyny hem belläp geçmek ýerliklidir. Bu bolsa öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyny, hil derejesiniň hem ýokary bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda şu nukdaýnazardan ugur alnyp gurlan, döwrüň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmeklige mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir. Bu müdirligiň öndürýän önümleriniň tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp barmakda uly orny bardyr. Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär. Önümçilige kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.
Häzirki wagtda müdirlikde ekskowatorlaryň 4-si, buldozerleriň 2-si, ýük göterijiligi uly bolan «Kamaz» kysymly awtoulaglaryň 14-si, «MAZ» kysymly awtoulaglarynyň 12-si, ýükleýjileriň hem 8 sanysy netijeli işledilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal müdirlige degişli möçberi 310 gektar karýer hojalygyndan alynýar. Müdirligiň önümçiliginde çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önümlere çenli tutuş tehnologik işler dolulygyna awtomatlaşdyrylypdyr. Bu bolsa, öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň tehnologik talaplara laýyklygyny we ýokary hil derejesini üpjün edýär.
2026-njy ýylyň ilkinji 7 aýynda müdirlik tarapyndan magdan däl gurluşyk serişdeleriniň göz öňünde tutulan, bu baradaky meýilnama 109,48 göterim ýerine ýetirilipdir. Şol sanda, ýylyň başyndan bäri çagyl daşlarynyň (daş owuntygynyň) 158,18 müň kub metri, ýuwulyp baýlaşdyrylan çägäniň 234,47 kub metri, but daşlarynyň hem 27,04 müň metr kuby, çagyl-çäge garyndysynyň hem 203,56 müň kub metri öndürildi. Degişli döwürde kärhana boýunça ösüş depgininiň ýokary bolmagy bu ýerde iş öndürijiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Taýýar edilen gurluşyk serişdeleriniň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylmagy müdirlikde önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.