Ï Gazagystanyň Prezidenti türkmen synçylarynyň netijeli işini belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystanyň Prezidenti türkmen synçylarynyň netijeli işini belledi

view-icon 78
Gazagystanyň Prezidenti türkmen synçylarynyň netijeli işini belledi

25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostlukly ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri barada pikir alyşdylar. Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýyna geçirilen saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli iberen gutlaglary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy waka şahsy üns bermeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň saýlawlara gatnaşan synçylarynyň netijeli we obýektiw işiniň aýratyn bellenendigi, olaryň geçirilen saýlawlaryň milli kanunçylyga we halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklandygy nygtaldy.

Şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ýakyn özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.