Ï Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 104
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Gaz-himiýa senagaty, ulag, sirkulýar ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.