Ï Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

view-icon 2
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde merkeziň gurluşy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada giňişleýin maglumat berdi.

Mälim bolşy ýaly, merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şeýle hem merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri alnyp barylýar. Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman anyklaýyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerini, şikeslerini anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek üçin niýetlenendir. Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip, ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylar.

Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa merkezini gurduryp berendigi hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Stomatologiýa merkezini olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz desganyň daş-töwereginiň gök zolaklar bilen gurşalyp alynmagynyň zerurdygyny nygtady. Munuň özi ekologik nukdaýnazardan örän wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze desgada oturdylan döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny tabşyrdy. “Hünärmenler her bir enjamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmalydyrlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz her bir enjamyň emeli aňyň mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam arkaly keseli dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy. “Merkeziň bir wagtyň özünde birnäçe adamy kabul edip bilýändiginden ugur alyp, ýüz tutjak raýatlaryň tiz kabul edilmegini gazanmak zerurdyr. Şunda lukmanlaryň maslahat beriş ukyby hem ýokary derejede bolmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan öndürilen häzirki zaman tehnologik enjamlary arkaly bu ýerde keselleri tiz we takyk anyklap bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz enjamlaryň her biriniň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bejeriş bölümine bardy. Bu ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen beýleki degişli bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýüz tutan raýatyň keseli baradaky maglumatlar dessin göni alşylýar. Başga bir monitor bolsa otagyň howasynyň kadaly derejede saklanmagyny awtomatik usulda sazlaýar. Şeýle hem monitorlar arkaly näsag baradaky ähli maglumatlar elýeterli bolýar. Sanly ulgamda işleýän stomatologik mikroskoplar we ulgamlar dişleriň tebigy durkunyň, kökleriniň bozulmalaryny häzirki zaman usullarynda bejermekde hem-de gaýraüzülmeleriň öňüni almakda giňden ulanylýar. Ulgamyň döwrebap stomatologik gurnamalar bilen arabaglanyşykda bolmagy bejerginiň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün eder.

Stomatologiýa merkezinde ornaşdyrylan, özünde innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny jemleýän lukmançylyk enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary howpsuz aýyrmak, dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň kesellerini irki döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş goýmak, implantlary ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz böleginde ýüze çykyp biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we dikeldiş hirurgiki bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini näsagyň öz dişlerine mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda taýýarlamak hem-de oturtmak boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň dowamynda, ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen tehnologik mümkinçilikleri emeli aňyň üsti bilen oýlanyşykly, dogry we dürs ulanmagy tabşyrdy. Şunda ýörite monitorlar arkaly ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş edaralaryndaky maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň üpjün edilmegi möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen hem tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz implantologiýa bölümine-de baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman sanly tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme geçirip, näsagyň äňinde goýuljak implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine bolan aralygy ýokary derejede takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar. 3D skaner enjamlary sanly ulgamda işleýän ýokary çözgütli we takyk şekilleri almaga niýetlenendir.

Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip, intellektual dolandyrylýan döwrebap kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş hem-de arassalama enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy aýratynlygy toplumlarda “akylly” emeli aň ulgamynyň bolmagy bilen, garaşylmaýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmakdan we takyklygy üpjün etmekden, taslamalary sanly, awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrmakdan, ýokary hilli serişdeleri giňden ulanmakdan; implantyň üstüne berkidilýän çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bölümiň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi. “Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda şeýle döwrebap lukmançylyk desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge uly goşant bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz desgany öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin öňde durýan işlere örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.