Ï Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar

view-icon 116
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan  Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary, ekologiýa, sanlylaşdyrmak, ulag we hususy pudak ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň netijeliligi bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gurallary hökmünde “ÝB – Merkezi Aziýa” formatyndaky özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde goşan goşandy üçin ilçi Beata Peksa minnetdarlyk beýan edildi.