2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi.
Ähtnama biodürliligi goramak, tebigy ekoulgamlary we seýrek duş gelýän görnüşleri gorap saklamak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygy ýokarlandyrmak babatda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Resminamanyň çäklerinde 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ýabany tebigaty goramak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny kämilleşdirmek, biodürlilige gözegçilik etmek, öň Aziýa gaplaňynyň, gulanlaryň, Buhara sugunynyň, jereniň we Amyderýa pilburnunyň populýasiýalaryny gorap saklamak we dikeltmek, şeýle hem seýrek duş gelýän guş we ösümlik görnüşlerini goramak kesgitlenildi.
Ekologik geçelgeleri we bufer zolaklaryny ösdürmäge, tebigy landşaftlary we ekoulgamlary gorap saklamaga hem-de dikeltmäge, ekologik bilim bermegi ösdürmäge, ylmy bilimleri we tebigaty goramak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga aýratyn üns berler.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetüsti tebigaty goraýyş hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bolar.
Taraplar milli tejribäni alyşmak, halkara bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak we Türkmenistanyň tebigy mirasyny gorap saklamaga hem-de bilelikdäki tebigaty goraýyş taslamalaryny durmuşa geçirmäge zerur serişdeleri çekmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Ähtnamanyň gol çekilmegi Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, biodürliligi saklamak we sebitde ekologik diplomatiýany pugtalandyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.