Ï Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ulag howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ulag howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolar

view-icon 380
Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ulag howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolar

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňde boljak foruma taýýarlyk işleri barada wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gün tertibiniň esasy ugurlaryny beýan etdi. Kiçi düzümdäki mejlisde GDA ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar hem-de halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklanar.

Giňişleýin düzümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023 – 2026-njy ýyllarda alyp baran işleriniň netijeleri jemlener. Şeýle hem ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasyna garalar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen özara gatnaşyklarynyň yzygiderli we netijeli häsiýetini belläp, öňde boljak mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.