Türkmenistanda güýzki möwsümdäki esasy oba hojalyk çäreleriniň başlanjak seneleri yglan edildi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şoňa görä, 2-nji sentýabrdan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý ekişine girişiler, 9-njy sentýabrdan bolsa köpçülikleýin pagta ýygymy başlanar. Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda tejribeli daýhanlaryň, alym-agronomlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirilip, olarda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow il sylagly ýaşululara ýüzlenip, ýurdumyz üçin möhüm bolan bu möwsümleýin işlere milli däp-dessurlara laýyklykda ak pata bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer daýhanlara we oba zähmetkeşlerine uly üstünlikleri arzuw etdi.