Ï Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 194

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini, özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, strategik häsiýete eýe bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.