Tomus möwsüminiň tamamlanýan günlerinde paýtagtymyzyň oglan-gyzlary üçin «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähiniň konsert zalynda «Saz barada. Çagalar» atly täze tapgyrdan «Saz detektiwi» atly gyzykly konsert-tomaşa geçirildi. Konsert täze we üýtgeşik görnüşde guraldy.
Saz syrlaryny derňemekde detektiwiň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artisti, meşhur pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyş edip, nusgawy saz eserlerinden düzülen maksatnamany ýaş diňleýjiler we olaryň ene-atalary üçin gyzykly başdan geçirmä öwürdi.


Konsertiň maksatnamasynda Lui Klod Dakenyň «Käkilik», Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Torgaý guşuň aýdymy» we «Gurjagyň keseli», Nury Halmämedowyň «Kör ýagyş», «Leňňeç» we «Batböregiň uçuşy», Robert Şumanyň «Aýaz baba» ýaly eserleri hem-de beýleki sazlar ýaňlandy.
Diňleýjiler diňe bir dünýä nusgawy sazynyň ajaýyp eserlerinden lezzet almak bilen çäklenmän, eýsem, interaktiw çykyşynyň doly hukukly gatnaşyjylaryna hem öwrüldiler. Tomaşaçylar çylşyrymly wakalaryň çözgüdini tapmaga ýardam berdiler. Çagalar we ulular maestronyň sowallaryna jogap berdiler hem-de meşhur fortepiano eserlerinde gizlenen çylşyrymly «tapmaçalary» üstünlikli çözdüler.

Bu sazly çäräniň ýene-de bir ýakymly pursady iň üstünlikli detektiwleriň süýjülikler we nusgawy sazy tüýs ýürekden söýmek baradaky arzuw-dilegler ýazylan ýörite höweslendiriji açyk hatlar bilen sylaglanmagy boldy.

«Saz detektiwi» konsertiniň «Saz barada. Çagalar» atly tapgyra girmegi bolsa, ýaş nusgawy saz söýüjilerine Wladimir Mkrtumowyň täze başdan geçirmeli wakalary garaşýar diýip çaklamaga mümkinçilik berýär.