Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň rezidensiýasynda türk halkynyň Beýik Ýeňşiniň 104 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Baýramçylyk kabul edişligine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň resmi bölegi Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Myhmanlaryň öňünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomat dabara gatnaşanlara hoşallyk bildirdi we şanly sene mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň resmi ýüzlenmesini okap berdi.
Türkmen tarapyndan dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gutlady. Ol öz çykyşynda Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky dialogyň strategik hem-de köpugurly häsiýete eýedigini aýratyn nygtady.
– Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasyny özara hormata, ynama, bähbitleriň umumylygyna we halklarymyzyň ýakynlygyna esaslanýan çuňňur hem-de dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary we yzygiderli duşuşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy binýady döredýär – diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary belledi.
Dabaraly çäre däp bolşy ýaly, mähirli we dostlukly ýagdaýda geçip, iki doganlyk döwletiň arasyndaky ýokary derejeli ynamyň we özara düşünişmegiň ýene-de bir gezek aýdyň beýany boldy.