Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

view-icon 7
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Eziz watandaşlar!
Hormatly professor-mugallymlar we talyp ýaşlar!

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Sizi we mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär.

Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.

Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň hem-de senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir. Bu ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly professor-mugallymlar!
Gadyrly talyp ýaşlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işleriňizde we okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry)