Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Watana bolan söýgi ýaşlyk döwründen kemala gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Watana bolan söýgi ýaşlyk döwründen kemala gelýär

view-icon 118
Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Watana bolan söýgi ýaşlyk döwründen kemala gelýär

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň ýaş nesline watansöýüjilik, döwletiň taryhy ösüşi we Garaşsyzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berip, nesihatlaryny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Watana bolan söýginiň esasy duýgularyň biridigini we oňa bolan düşünjäniň hut ýaşlyk döwründen kemala gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýetip gelýän şanly senä – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna ünsi çekip, bu döwrüň döwletiň hukuk we dünýewi gurluşynyň berkidilmegini üpjün eden beýik üstünlikleriň eýýamy bolandygyny belledi.

Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäde kuwwatly, durnukly we depginli ösýän, ösüş ýolundan ynamly öňe barýan döwlet hökmünde tanalýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz durnukly ösüşi üpjün edip, halkara abraýyny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu ugurda esasy ýörelge hökmünde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar öňe sürülýär.