Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesle nesihatlaryny aýdyp, umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň esasy bölegi hemişelik Bitaraplygyň parahatçylygyň, içerki durnuklylygyň we döwletiň diplomatik ugrunyň kepili hökmünde eýeleýän ornuna bagyşlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk halkymyzyň bütin taryhy ýoly bilen kesgitlenendir. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň degişli üç gezek Kararnama bilen tassyklanan Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň iň beýik gymmatlyklarynyň biridir we öz gözbaşyny halkymyzyň taryhyndan alyp gaýdýar. Parahatçylyksöýüjilikli filosofiýanyň aýdyň mysaly hökmünde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň mirasy görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylyk dörediji başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýändigini, şeýle hem Bitaraplygyň nazaryýetini we amalyýetini baýlaşdyrmagy dowam etdirýändigini nygtady. Şunda ýokary hünärli halkara hünärmenlerini taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.