2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çäräniň esasy maksady Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we ýetip gelýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.
Açyk sapaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar, mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar.