Ï Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 192

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem halkara we sebit meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem döwletara dialogy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen öňde duran bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ony täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.