Ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň döwletliliginiň, Garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara düşünişmäge açyklygynyň nyşanydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň dowamynda, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşanda belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda: «Biz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy bolan döwlet hökmünde, beýik medeni we taryhy mirasyň eýeleri hem-de ony dowam etdiriji halk hökmünde ýokary ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna adamlaryň birleşmegine ýardam bermegi öz wezipämiz hasap edýäris. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ahalteke atlaryna mynasyp orun berýäris» diýip belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň çalasyn asylly gadam urşy parahatçylyga we dostluga, özgerişiň we gülläp ösüşiň belentliklerine ýol açmalydyr.