2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grand bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.