Ï Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy

view-icon 249
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 7 – 9-njy sentýabry aralygynda Dubaýyň Halkara söwda merkezinde «AIM Congress 2026» atly XV Kongres geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, şeýle hem Türkmеnistanyň Döwlеt daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri girdi

«Ählumumy ösüşe täzeden garamak: durnukly we inkluziw geljege tarap täze maýa goýum ýollaryny açmak» şygary astynda geçirilen Kongres döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we öňdebaryjy işewür toparlaryň ýolbaşçylaryny öz içine almak bilen, 191 ýurtdan we guramadan köp sanly wekilleri bir ýere jemledi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti açylyş dabarasyna hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy, ykdysady ösüş we senagat syýasaty bilen bagly tematiki mejlislere gatnaşdy. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde guralan Merkezi Aziýa boýunça panel ara alyp maslahatlaşmasy, maýa goýum meseleleri boýunça ministrler derejesindäki tegelek stol duşuşygy, şeýle hem erkin ykdysady zolaklar we senagat syýasaty boýunça mejlisler geçirildi.

Kongresiň çäklerinde maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we maýa goýumlary çekmek boýunça agentlikleriň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Kongresiň çäklerinde guralan sergi ekspozisiýasy bilen hem tanyşdy.