Ï Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda dostluk we medeniýet köprüleri: Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda dostluk we medeniýet köprüleri: Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi

view-icon 339
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda dostluk we medeniýet köprüleri: Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda her ýyl 14-nji sentýabrda bellenilýän Hindi dili gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Agşamyň myhmanlaryna hoşallyk sözleri bilen Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu ýüzlendi. Ol 1949-njy ýylda Hindistanyň Esaslandyryjy mejlisiniň hindi diline ýurduň resmi dili derejesini bermek baradaky karary esasynda Hindi dili gününiň her ýyl bellenilýändigini ýatlatdy.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hindi diliniň dünýäde iň köp ýaýran dilleriň arasynda üçünji orunda durýandygyny we bu dilde 600 milliondan gowrak adamyň gürleýändigini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, hindi dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi we Hindistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan adamlary birleşdirýän halka bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýurduň baý medeniýetini we ruhy däplerini hem şöhlelendirýär.

Şu nukdaýnazardan, ilçi bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň gazananlaryny kanagatlanma bilen belledi.

«Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda häzirki wagtda 40-dan gowrak talyp hindi dilini öwrenýär. Olaryň käbiri eýýäm Agrada ýerleşýän Merkezi Hindi dili institutynda («Kendriýa Hindi Sansthan») dil tejribeligini geçdiler. Ilçihanamyz hindi dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmek üçin geljekde-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär» diýip, ilçi aýtdy.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Premýer-ministr Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşary işler ministrliginiň adyndan Hindistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Hindistanyň halkara jemgyýetçiligindäki ýokary ornuny, baý taryhy-medeni mirasyny hem-de täsirli ykdysady we ylmy-tehnologik mümkinçiliklerini belledi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk dostluk, ynam we deňhukuklylyk däplerine esaslanýandygyny nygtady.

«Halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasynyň kemala gelýän şertlerinde özara hormat, ynam, hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw dialog aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hut şu ýörelgeler Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadyny düzýär. Döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygyň bolsa täze mazmunly görnüşlere eýe boljakdygyna ynanýaryn» diýip, M. Bäşimowa aýtdy.

Ministriň orunbasary çykyşynyň ahyrynda dostlukly Hindistanyň halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Agşamyň myhmanlaryna resmi bölümden, täsirli aýdym-saz we tans çykyşlaryndan, şeýle hem hindi milli tagamlarynyň dadylmagyndan ybarat baýramçylyk maksatnamasy hödürlenildi.