Ï Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy

view-icon 60
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Seminaryň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň, halkara guramalaryň, şeýle hem ýaşlar we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan seminara Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýanyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça torunyň (CAPVE) işi, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem döwlet edaralarynyň, ýaşlar guramalarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň we halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselelerine aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar durnukly ösüşe ýardam bermek, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň we tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.