«Gyrawly suw» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde «LORS» haryt nyşanly döwrebap sowadyjylar toplumyny görkezdi.
Mary welaýatynda ýerleşýän bu kärhana halkara standartlaryna doly laýyk gelýän sowadyjy enjamlaryň ýedi görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Önümleriň görnüşleri durmuşda ulanmak, şeýle hem azyk önümlerini howpsuz görkezmek we saklamak talap edilýän söwda nokatlary üçin niýetlenen jebis ýapylýan aýna gapylar bilen üpjün edilipdir.
– Biziň kärhanamyz ýurdumyzda «LORS» haryt nyşanly sowadyjylaryň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy. Kärhana işe girizilen pursatyndan başlap, biz içerki bazaryň ýokary hilli enjamlara bolan islegini kanagatlandyrmaga çalyşýarys – diýip, «Gyrawly suw» hojalyk jemgyýetiniň wekili Akmuhammet Baýhanow nygtady.
Onuň aýtmagyna görä, sergä gatnaşmak kärhananyň abraýyny artdyrmaga, täze hyzmatdaşlary tapmaga we ildeşlerimizi täze önüm bilen tanyşdyrmaga itergi boldy. Kärhananyň lomaý satyş mümkinçiliklerini düýpli öwrenen özbegistanly telekeçiler türkmen enjamyna uly gyzyklanma bildirdiler.
«Gyrawly suw» hojalyk jemgyýeti eksport işini ösdürmek üçin, önümçilik kuwwatyny aýda 300 – 400 enjam çykarmaga çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Dükanlar üçin ýöriteleşdirilen enjamlara barha artýan isleg kärhanany günde 10 – 20 sany şunuň ýaly sowadyjy öndürmäge iterýär.
2025-nji ýylda esaslandyrylan «Gyrawly suw» hojalyk jemgyýeti bary-ýogy bir ýylyň içinde uly kuwwata eýe boldy. Kärhana Hytaýdan we Eýrandan getirilen sanly enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, işi doly awtomatlaşdyrmak üçin bolsa, hünärmenler daşary ýurtlarda hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
Käbir himiki serişdeler daşary ýurtlardan alynsa-da, esasy serişdeler, meselem, sowadyjynyň gaby üçin polipropilen we izolýasiýa köpügi ýerli önüm öndürijilerden alynýar. Bu bolsa önümçilik çykdajylaryny azaldýar we bahalary alyjylar üçin elýeterli edýär. «Gyrawly suw» hojalyk jemgyýeti ähli önümlerine 3 ýyllyk kepillik geçýär.