Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň degişli halkara guramalar, hususan-da Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy (BIEG) hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy (ÝPG) bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyza bu babatda anyk teklipler toplumy hödürlenildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewraziýa Patent Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň 17 – 18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw – sebitleýin we global mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň, olary önümçilige ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
21 – 23-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen ugurdaş geçiriljek intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16 – 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşar.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has netijeli seredilmegine ýardam berer.
Şeýle hem 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna hem Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär.
Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.