Ï «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňelder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňelder

view-icon 6
«Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňelder

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu tapgyryň durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly:

– «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmaga hem-de halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň möçberini we ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.

Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.