Ï Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orny barada nygtady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orny barada nygtady

view-icon 14
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orny barada nygtady

«Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir» diýip, 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýändigini hem belledi.