Ï Türkmenistan ulag-logistika mümkinçiliklerini we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ulag-logistika mümkinçiliklerini we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeldýär

view-icon 1
Türkmenistan ulag-logistika mümkinçiliklerini we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamynyň ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda flotynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyna aýratyn üns çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berlendigini ýatlatdy.

Ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigi barada aýratyn bellendi.