Ï Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň esasy ykdysady ugurlaryny beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň esasy ykdysady ugurlaryny beýan etdi

view-icon 4
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň esasy ykdysady ugurlaryny beýan etdi

23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýakyn ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlar hökmünde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy we raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.

«Ýurdumyzyň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär» diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleriň dowam etdiriljekdigini hem aýtdy.