2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
BMG-niň Medeniýetleriň bileleşigi (UNAOC) boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisinde türkmen tarapy öňüni alyş diplomatiýasynyň, hemişelik Bitaraplygyň, halkara hukugynyň hem-de medeniýetara dialogyň özara berk baglanyşygyny nygtady. Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasy babatda toplan tejribesine, hususan-da, Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine, şeýle hem ýakynda tassyklanan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasyna aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilip, Türkmenistanyň UNAOC bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Şol gün Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýýarlygy üpjün etmek we wagtynda çäre görmek meseleleri boýunça geçirilen ýokary derejeli mejlisde çykyş etdi. Çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlar beýan edildi. Olaryň hatarynda koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak, öýken sowuklamasyna garşy göreşmek üçin köptaraplaýyn mehanizmi döretmek hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda ýiti ýokanç keselleriň bejergisi we öňüni alyş usullary boýunça metodiki merkezi döretmek baradaky teklipler bar. Şeýle hem BSGG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny, epidemiologik gözegçiligi, barlaghana kuwwatyny pugtalandyrýandygy we «Ýeke-täk saglyk» çemeleşmesini ilerledýändigi bellenildi.
Şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili sebit hyzmatdaşlygyny amaly mazmun bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Esasy ugurlar hökmünde ulag-üstaşyr baglanyşyklaryny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de TDG bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek bellenildi. Şeýle hem BMG-niň Durnukly ulag boýunça 2026–2035-nji ýyllar üçin onýyllygynyň ähmiýeti, şol sanda Bütindünýä türki dil maşgalasynyň güni bilen bagly bilelikdäki medeni başlangyçlar aýratyn bellenildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisinde çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň amaly ugurlaryny beýan etdi. Türkmen tarapy bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmegiň, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, ulag we energetika baglanyşyklaryny ösdürmegiň, söwdany sanlylaşdyrmagyň hem-de durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmegiň möhümdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, şol sanda Mary şäheriniň 2028-nji ýylda YHG-niň Syýahatçylyk paýtagty derejesine hödürlenmegi barada hem durlup geçildi.