Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

view-icon 125

Türkmeniň milli baýlygy we göz guwanjy bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda gazanan uly üstünlikleri üçin, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

“Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe;

“Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Kakamyradowiç Agamyradowa;

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Sadykmuhammedowiç Berdimuhammedowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry.