Ï Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

view-icon 199
Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
camera-icon
Alekseý Gimalletdinow

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu halkara we sebit derejesindäki esasy işewürlik çäreleriniň biridir. Bu çäre halkara maýadarlaryny, dünýäniň maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän abraýly meýdança öwrüldi.

Forumyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna ýokary baha berip, geljekki hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny kesgitledi.

– Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda eýýäm ep-esli netijeler gazanylandygyna garamazdan, biz geljege nazar salmaly we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny gözlemeli. Ýewropa Bileleşigi 1,4 milliard ýewro möçberindäki söwda dolanyşygy bilen ýurduň ähmiýeti boýunça dördünji daşary ykdysady hyzmatdaşydyr. Ýewropa Bileleşigi esasan awtoulaglary we elektronika önümlerini eksport edýär. Biz Merkezi Aziýanyň umumy derejesinde-de, hususan-da Türkmenistanda-da durmuşa geçirýän taslamalarymyzy mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýäris. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitinde bellenilişi ýaly, biziň başlangyçlarymyz Hazarüsti ulag ugruny ösdürmäge gönükdirilendir –diýip, ilçi aýtdy.

Diplomat häzirki forumyň Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek görkezendigini belledi. Şonuň üçin Türkmenistanyň geografik taýdan özboluşly ýerleşişini nazara alyp, Ýewropa Bileleşigi Hazarüsti geçelgäni bilelikde ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ägirt uly energetika serişdeleri bu ugurda hem hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýar.

Şol bir wagtyň özünde, geljekde «ýaşyl» energetikanyň – Gün we ýel energiýasynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe boljakdygy bellenildi. Bu mümkinçilikleri hakykata öwürmek esasy wezipeleriň biridir.

– Munuň bilen bir hatarda, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýum goldawyny bermäge taýýardyr. Bu ulag infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolar. Umuman, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklaýar –diýip, Lýuk Dewin sözüni jemledi.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçirilmegi dünýä işewür jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna barha artýan gyzyklanmasyny we halkara hyzmatdaşlaryň iri göwrümli infrastruktura hem-de energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.