Türkmenistanyň paýtagtynda sebitde geçirilýän esasy işewürlik çäreleriniň biri bolan Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günlük çäre maýadarlary, halkara maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Forumda esasy çykyş bilen Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň esasy makroykdysady görkezijilerine ünsi çekip, maýany çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän yzygiderli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

– Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary döwletimiziň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň jemi içerki önümi bir ýarym esse artdy. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça bu görkeziji 77,4 milliard dollara ýetdi, JIÖ-niň ösüş depgini durnukly ýokary bolup, 6,3 göterime deňdir. Ýurdumyzda alnyp barylýan makroykdysady syýasat durnuklylygy üpjün etmäge we inflýasiýanyň derejesini peseltmäge ýardam berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça inflýasiýa 3,6 göterime deň boldy. Geçen ýyl maýa goýumlaryň möçberi 12,8 milliard dollardan geçdi, eksportyň möçberi bolsa 11,2 milliard dollara ýetdi. 2025-nji ýylyň dowamynda dünýä ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 11 göterim artdy. Şu ýyl eksportyň we importyň ösüş depgini geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy – diýip, ministr belledi.
M. Astanagulow hyzmatdaşlygyň we maýa goýumlarynyň esasy ugurlary hökmünde nebitgaz pudagyny, nebit we gazhimiýa senagatyny, energetikany, gurluşygy, ulag ulgamyny we oba hojalyk senagaty toplumyny görkezdi.
M. Astanagulow maýa goýumlaryň ykdysadyýete gönükdirilmeginiň ykdysady ösüşiň we döwletiň rowaçlygynyň esasy şertleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmak, administratiw we tehniki päsgelçilikleri azaltmak, gümrük amallaryny kämilleşdirmek, elektron resminama dolanyşygyny ösdürmek, kärhanalaryň goňşy döwletleriň we sebitleriň bazarlaryna çykmagy üçin amatly şertleri döretmek hem görkezildi.
Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýän sanly tehnologiýalar we emeli aň maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
– Sanly özgeriş maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, biziň ýurdumyz intellektual-seljeriş ulgamyny döretmek, önümçilik işlerine sanly gözegçiligi ornaşdyrmak, şeýle hem awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyndan peýdalanmak boýunça işjeň işleri alyp barýar. Sanly dolandyryş, kiberhowpsuzlyk, telekommunikasiýalar, maliýe tehnologiýalary, elektron hyzmatlar we hemra gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk höweslendirilýär – diýip, M. Astanagulow aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda M. Astanagulow Türkmenistanyň milli hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin iň amatly maýa goýum şertlerini döredýändigini nygtady. Ýurtda maýa goýum işini hemmetaraplaýyn goldamagy we goramagy kepillendirýän ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.