Ï Aşgabat daşary ýurtly maýadarlar bilen konstruktiw dialogy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat daşary ýurtly maýadarlar bilen konstruktiw dialogy giňeldýär

view-icon 68
Aşgabat daşary ýurtly maýadarlar bilen konstruktiw dialogy giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Bu çäre daşary ýurtly maýadarlar, halkara maliýe institutlary, Türkmenistanyň döwlet edaralary we hususy pudagynyň arasynda dialogy giňeltmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda syýasy-ykdysady durnuklylyga, döwletiň maliýe serişdeleriniň uly böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilmegine, serişdeleri rejeli ulanmaga we senagat taýdan yzygiderli ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga esaslanan ösüş ýoluny emele getirendigini belledi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýada geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan örän amatly ýerleşmegi we baý tebigy çig mal serişdeleri maýa goýum babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

– Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy bölegiň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu halkara çäre ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş hem-de döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, bäsleşige ukyply täze önümçilikleriň işe girizilmegi, sanly maliýe tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelerde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem bu möhüm ähmiýetli forum ähli gatnaşyjylara ýurdumyzyň pudaklarynda gazanylan üstünliklere göz ýetirmäge, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga giň şertleri döreder.