Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralan iri Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işini tamamlady. Giň gerimli çäre döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, degişli guramalaryň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemläp, dialog üçin abraýly meýdança öwrüldi.
Foruma gatnaşyjylar sebitleýin infrastrukturany ösdürmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Iş maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň biri Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýet we maliýe ministriniň orunbasary Mehdi Heýdariniň çykyşy boldy. Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtady.
Eýran wekiliýetiniň wekili maýa goýum forumyna gatnaşmagyň Türkmenistan bilen taryhy, dostlukly we strategik gatnaşyklary ýene-de bir gezek tassyklamak, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan tutanýerliligi görkezmek üçin möhüm mümkinçilikdigini belledi.

M. Heýdariniň sözlerine görä, häzirki döwürde sebitdäki maýa goýumlar diňe milli bazarlaryň çäkleri bilen çäklenmeýär. Esasy wezipe Eýranyň, Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň bazarlaryny birleşdirýän bitewi ykdysady giňişligi döretmekden ybarat.
– Şeýle integrasiýanyň binýadyny Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi, Orta geçelge, şeýle hem Hazar sebiti, Pars aýlagy we dünýä söwda ugurlarynyň arasynda logistika gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegi düzýär. Şu nukdaýnazardan, Eýran Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet we hususy düzümlerine Pars aýlagynyň portlaryna hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna göni çykalga hödürlemäge taýýar. Öz gezeginde Türkmenistan Eýran üçin giň Ýewraziýa ykdysady giňişligine çykmakda strategik köpri bolup çykyş edýär. Biz maýa goýumlara diňe bir ýurtdan beýleki ýurda maýanyň hereketi hökmünde däl-de, eýsem, sebitleýin ykdysady özara baglanyşygyň berk binýadyny döretmegiň guraly hökmünde garamalydyrys – diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň wekili nygtady.
Çykyşynyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrülip biljek dört esasy ugur jikme-jik kesgitlenildi.
Birinji ugur – energetika. Bu ugurda gaz boýunça alyş-çalyş amallarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energiýa serişdelerini daşamak, saklamak we gaýtadan işlemek üçin infrastrukturany ösdürmek, şeýle hem nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.
Ikinji ugur – üstaşyr geçiriş we logistika. Demir ýollary we awtomobil ýollaryny, köprüleri, serhetýaka terminallary hem-de Hazaryň kenaryndaky logistika merkezlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maýa goýumlar sebitleýin söwdada wagt we maliýe çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.
Üçünji ugur – oba hojalygy we azyk senagaty. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk önümçiligini Eýranyň önümleri gaýtadan işlemek, gaplamak we olary çalt eltip bermek boýunça mümkinçilikleri bilen birleşdirmek arkaly halkara bazarlaryna bilelikde çykmak mümkin.
Dördünji ugur – senagat maýa goýumlary. Bu ugurda maýadarlara içerki we üstaşyr ulag ugurlaryna elýeterliligi bolan bitewi platformany hödürleýän erkin we ýörite ykdysady zolaklaryň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak zerurdyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýet we maliýe ministriniň orunbasary Tähranyň we Aşgabadyň iri bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde baý taryhy tejribä eýedigini ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden wekiliň esasy çagyryşy toplanan tejribäni maýa goýumlaryň täze nesline, ýagny durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretjek, milli ykdysadyýetleri pugtalandyrjak we halklaryň abadançylygyna hyzmat etjek taslamalara öwürmegiň zerurdygyndan ybarat boldy.
Eýran tarapy türkmen kärdeşleri, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli halkara maýadarlar bilen açyk we konstruktiw dialoga taýýardygyny mälim etdi.