Ï Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini dokuz aýyň dowamynda durnuklylygyny saklap, 6,3 göterime deň boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini dokuz aýyň dowamynda durnuklylygyny saklap, 6,3 göterime deň boldy

view-icon 122
Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini dokuz aýyň dowamynda durnuklylygyny saklap, 6,3 göterime deň boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.