Ï «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi

view-icon 192
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.

Häzirki ählumumy şertlerde parahatçylygy we durmuş durnuklylygyny üpjün etmekde hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň orny möhüm ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyk söýüjilige, döredijilige we nesilleriň geljegi üçin çuňňur jogapkärçilige esaslanýan zenan mümkinçilikleri jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmeler üçin kuwwatly hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Halkara tejribe parahatçylyk döredijilik işine, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we strategik çözgütleri kabul etmäge zenanlaryň işjeň gatnaşmagynyň jemgyýetde sazlaşygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýändigini tassyklaýar. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibi boýunça Kararnamalarynyň durmuşa geçirilmegi uzak möhletli durnuklylygy gazanmaga çalyşýan köp döwletleriň milli syýasaty üçin esasy ugur görkezijileriň biri boldy.

Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň kanuny hukuklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Ýurdumyz BMG-niň binýatlaýyn ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezmek bilen, halkara standartlary milli kanunçylyga we häkimlik edaralarynyň işine ornaşdyrýar. Erkekler we zenanlar üçin ähli ulgamlarda deň hukuklary kepillendirýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy bu ugurda hukuk binýady bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen zenanlary döwlet dolandyryşyna, kanunçykaryjylyk işine we möhüm çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisinde, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynda ýolbaşçy wezipeleri eýelemek bilen, olar giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga goşant goşýarlar. Ýurdumyzda zenanlaryň ykdysadyýete işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Zenan telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem maliýe, bilim we sanly serişdelere deň elýeterliligiň üpjün edilmegi türkmen zenanlaryna innowasiýalaryň we durnukly ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, türkmen zenanlary ekologik abadançylygy gorap saklamak hem-de howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak meselelerinde ýokary işjeňlik görkezýärler. Olaryň “ýaşyl” tehnologiýalary ilerletmek, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmak we ýaşlaryň ekologiýa meseleleri babatda bilimlerini artdyrmak boýunça alyp barýan işleri ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýady kemala getirýär.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak işi hem zenanlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen zenanlary ruhy gymmatlyklary, milli senetleri we parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege hormat goýmak taglymlaryny nesilden-nesle geçirmek bilen, jemgyýetimiziň ahlak binýadyny pugtalandyrýarlar.

Türkmenistan zenanlar gün tertibi boýunça sebit dialogyny hem işjeň ilerledýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işine we BMG-niň howandarlygynda sebit forumlaryna işjeň gatnaşmak bilen, türkmen tarapy parahatçylygy pugtalandyrmak, gender diplomatiýasyny ilerletmek we giň möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça toplan baý tejribesini paýlaşýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler zenanlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm orna eýedigini görkezýär. Zenanlar baradaky alada, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň üýtgewsiz ugrudyr.

...Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hemmeleri mähirli mübärekläp, forumyň işine parlamentleriň, Hökümetleriň, raýat jemgyýetçiligi institutlarynyň we abraýly halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň baştutanlygynda dürli döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşýandygyny belledi. Foruma gatnaşýanlaryň şeýle wekilçilikli düzümi häzirki wagtda jemgyýetde hem-de döwletde zenanlaryň orny baradaky meselä halkara jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy şu günki dialogyň plenar hem-de mowzuklaýyn mejlislerinde beýan ediljek çykyşlaryň hem-de teklipleriň ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge zenanlaryň gatnaşmagynyň halkara-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygy aýratyn bellenildi. Şunda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

D.Gulmanowa ýurdumyzda şu günki halkara zenanlar dialogyna pikir alyşmak, şeýle hem möhüm halkara başlangyçlary ilerletmäge amatly şertleri döretmäge gönükdirilen anyk we netijeli teklipleri işläp taýýarlamak üçin ajaýyp mümkinçilik hökmünde garalýandygyny belläp, hemmeleri ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we forumyň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda zenanlaryň jemgyýetde, döwlet dolandyryşynda hem-de halkara diplomatiýada eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän kepillikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň deň hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar edýär. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esas goýujy gural boldy.

Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan esasy halkara ylalaşyklara, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýa gatnaşýar. “BMG — Zenanlar” düzümi we BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk bu ugurda maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz durnukly ösüşi we parahatçylygy pugtalandyrmagyň şerti hökmünde gender deňliginiň üpjün edilmeginiň möhümdiginden ugur alyp, halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.

Soňra çykyş etmek üçin plenar mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bu halkara çäräniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara bolan sarpanyň, olaryň mertebesine goýulýan uly hormatyň Türkmenistanda mukaddeslik derejesine göterilendigini hemişe belleýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şahsy ünsi netijesinde, Türkmenistanda zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryna gatnaşmaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Forum Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bolan ýylda — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilen ýylynda geçirilýär. Bu bolsa oňa aýratyn many-mazmun berýär. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenko bu wekilçilikli çäräniň ýokary guramaçylygy hem-de oňa gatnaşyjylaryň netijeli işlemegi ugrunda döredilen ähli şertler üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Soňra BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çykyş etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan halkara dialoga gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de şeýle wajyp gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu dialogyň bütin dünýäde zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy, mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Gender deňligi BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamada göz öňünde tutulýan wezipeleriň BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibi boýunça Kararnamasynyň wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna, halkara hukukda zenanlaryň hukuklaryna möhüm orun berilýändigine üns çekildi.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Zenanlar we maşgala işleri baradaky komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň we 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň döwletara dialog üçin berk binýat bolup hyzmat edendigini aýratyn nygtady.

Dilnozahon Kattahanowa özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn häsiýetini belläp, häzirki zaman ählumumy şertlerde zenanlaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gatnaşmagynyň anyk mehanizmler bilen berkidilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol zenanlaryň ýokary hilli bilime elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary öz çykyşynda birnäçe anyk sebit başlangyçlaryny öňe sürdi. Hususan-da, “Zenanlar parahatçylygy we dialogy goldaýar” atly maksatnamany ýola goýmagy, 2027-nji ýylda Özbegistanyň we Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmegi, zenanlar üçin sanly taslamalary goldamak merkezini döretmegi, zenanlaryň ekologiýa degişli taslamalara gatnaşmagyny giňeltmegi teklip etdi. Şeýle hem ol döwletara iş toparyny döretmegi we nobatdaky zenanlar dialogyny Özbegistanda geçirmegi teklip edip, çykyşyny tamamlady.

Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Gazagystanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetini nygtady. Ol zenanlaryň deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we olaryň hukuk taýdan goraglylygynyň Gazagystanyň esasy ileri tutulýan milli ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

A.Alnazarowa öz ýurdunyň institusional we kanunçylyk binýady barada aýdyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Zenanlaryň işi we maşgala-demografiýa syýasaty boýunça milli toparyň alyp barýan işi barada aýratyn belläp geçdi.

Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri gender deňliginiň üpjün edilýän we zenanlaryň ornunyň pugtalandyrylýan ýerinde dogry syýasy çözgütleriň kabul edilmeginiň kanunalaýyk ýagdaý bolýandygyny belläp, kabul edýän tarapa çuňňur hormatyň nyşany hökmünde çykyşyny “Agzybirlik güýçdür” diýen türkmen pähimi bilen tamamlady.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd çykyşynda, ilki bilen, halkara maslahatyň guralandygy we abraýly dialog meýdançasynyň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyk bildirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleriň bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň abadançylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde, döwletiň kuwwatyny pugtalandyrmakda zenanlaryň eýeleýän kesgitleýji ornuna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Goňşy ýurduň wekili öz çykyşynda eýran zenanlarynyň ykbalynyň ýurduň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, ylymda, sportda, sungatda we döwlet gurluşynda uly üstünlikleri gazanyp, diňe bir synçy bolman, eýsem, taryhy döretmäge hem işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Şeýle hem EYR-nyň wekili häzirki zaman ösüş düşünjesine aýratyn ünsi çekdi. Bu gün bu düşünje jemi içerki önüm görkezijileriniň çäklerinden çykyp, durmuş adalatlylygy, deňhukukly elýeterlilik we adam maýasynyň durmuşa geçirilmegi ýaly düşünjeleri öz içine alýar. Bu ugurda Eýranyň döwlet syýasaty maşgala institutyny pugtalandyrmaga, kemsitmeleri aradan aýyrmaga we zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin institusional şertleri döretmäge gönükdirilendir. Zenan telekeçiligini goldamak üçin Eýranda toplumlaýyn infrastruktura döredildi.

Çykyşynyň ahyrynda Farzane Sadeg Malwajerd zenanlara maýa goýulmagynyň we olaryň çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagynyň tutuş sebitiň has durnukly geljegini üpjün etmäge binýat goýýandygyny nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň hemişelik toparynyň başlygy Nataliýa Pawlýuçenko söz berildi. Ol Belarus parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň maslahata gatnaşyjylara mähirli salamyny ýetirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Nataliýa Pawlýuçenko çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik ugruna hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, ýurdumyzyň BMG-däki strategik başlangyçlaryna, şol sanda ynsanperwer merkezler ulgamyny döretmek, Halkara hukuk ýylyny yglan etmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň öz ýurdunda Prezident Aleksandr Lukaşenko tarapyndan «Belarus zenany» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Belarus Respublikasynda Hökümetiň ýanynda gender syýasaty boýunça Milli geňeş döredilip, bu düzüm erkekler we zenanlar üçin deň zähmet şertlerini, aýlyk zähmet haklaryny we beýleki görkezijileri üpjün etmek boýunça iş alyp barýar. Mundan başga-da, Nataliýa Pawlýuçenko şu ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Polosk şäherinde halkara maşgala forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, maslahata gatnaşyjylary tejribe alyşmak üçin öz ýurduna gelmäge çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň hemişelik toparynyň başlygy maşgala gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagynyň milli howpsuzlygy we döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýän binýat bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak çykyş edip, Awazada şeýle taryhy ähmiýetli çäräniň guralýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda bolýandygyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar taryhymyzyň, dilimiziň we medeniýetimiziň umumylygyndan gözbaş alýar. Şunuň bilen baglylykda, Sewim Saýym Madak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin däl, eýsem, sebitiň geljegi üçin hem uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu günki «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy häzirki döwrüň esasy meseleleriniň birine ünsi çekýär.

Zenanlaryň bilim, saglygy goraýyş, zähmet we ykdysady mümkinçiliklere elýeterliligi, kararlary kabul etmek mehanizmlerine işjeň gatnaşmagy, abadan durmuşda ýaşamagy diňe bir olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi däl-de, eýsem, bütin jemgyýetiň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň esasy şertidir.

Myhman Türkiýäniň türkmen zenanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ugrunda döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň zenanlaryň jemgyýetlerimiziň geljegini kemala getirmekdäki ornuny has-da berkitjek täze hyzmatdaşlyklar üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň ýolbaşçysy Zamira Akbagyşewa bildirilen myhmansöýerlik we halkara zenanlar dialogynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanda zenanlaryň döwlet durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň çagalaryň saglygyny goramak, maşgalalary durmuş taýdan goldamak babatda alyp barýan işiniň zenanlaryň ynsanperwer ulgamdaky liderliginiň aýdyň mysallarynyň biridigini belledi.

Zamira Akbagyşewa öz çykyşynda döwletara zenanlar dialogynyň pugtalandyrylmagyny, maşgalanyň yzygiderli goldanylmagyny, zenanlaryň ýokary hilli bilime hem-de döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň giňeldilmegini, şeýle hem zenan telekeçiliginiň höweslendirilmegini GDA ýurtlary üçin strategik wezipe hökmünde belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň ýolbaşçysy bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik, medeniýet we durmuş goraglylygy ulgamlarynda iň gowy taslamalary birleşdirmek üçin “GDA-nyň zenanlary parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýar” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip etdi. Ol döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda mynasyp orun alan türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligine we ýokary hünär derejesine çuňňur hormatyny beýan edip, rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Medeniýet komitetiniň, Jemgyýetçilik birleşikleri we dini edaralar baradaky komitetiniň agzasy, Azerbaýjan — Türkmenistan parlamentara gatnaşyklar boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Tanzila Ýolçu gyzy Rustamhanli çykyş edip, ilki bilen, zenanlaryň parahatçylygy berkitmekdäki ornuna bagyşlanan halkara dialoga gatnaşmagynyň özi üçin mertebedigini belledi hem-de onuň guramaçylygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu abraýly duşuşygyň doganlyk Türkmenistanda geçirilmegi azerbaýjan tarapy üçin aýratyn buýsançlydyr. Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, taryhy kökleriň, diliň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy we asyrlaryň synagyndan geçen ruhy baglanyşyk birleşdirýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki ýakyn gatnaşyklar, özara ynam we syýasy erk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda öz oňyn täsirini görkezýär. Bu gatnaşyklar parlamentara hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklar ýyl-ýyldan pugtalandyrylýar. Parlamentleriň ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary, 2022-nji ýylda Aşgabatda parlamentara hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Işewür zenanlarynyň Milli assosiasiýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Gulbahor Mahkamowa söz berildi. Ol bu möhüm çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň, olaryň döredijilik ukyplarynyň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi we dialogyň bu ugurda halkara tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Gulbahor Mahkamowa täjik tarapynyň bu çäräniň Türkmenistanda geçirilmegine ýokary baha berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Täjigistanda doganlyk Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Döwletara gatnaşyklar dost-doganlyk we özara düşünişmek esasynda alnyp barylýar.

Täjik-türkmen gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda giň mümkinçilikler bar.

Zenanlara hormat goýmak asyrlarboýy iki halkyň durmuş ýörelgesiniň binýadyny emele getirýän esasy häsiýetleriň biri bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýörelgeler zenanlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilliklerinde, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini ýene bir gezek belledi.

Soňra maslahat mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

“Zenanlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegi parahatçylygy berkitmegiň we jemgyýetiň durnukly ösmeginiň möhüm şertidir” atly mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler zenanlaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň hemmetaraplaýyn üpjün edilmeginiň, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň häzirki zaman jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny nygtadylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda, halkara durnuklylygy üpjün etmekde we ynsanperwer dialogy ilerletmekde zenan liderliginiň esasy orny bellenildi. Zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek hem-de döwrebap bilim almaga elýeterliligini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

GDA ýurtlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmekde toplanan milli tejribelerini paýlaşdylar. Bellenilişi ýaly, sebit we ählumumy derejelerde tagallalaryň birleşdirilmegi durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri zenanlaryň ykdysadyýetiň sanly we innowasion ulgamlaryna inklýuziw gatnaşmagynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, zenanlaryň ylym we ekologiýa ulgamlaryndaky taslamalarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Halkara guramalaryň bilermenleri zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen sebit başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar öz çykyşlarynda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin sazlaşykly gurşawy döretmek we çagalaryň hukuklaryny goramak meselelerine ünsi çekdiler.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlise Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekiliýetleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşmagynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini bellediler.

GDA ýurtlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda zenanlaryň hukuklaryny, eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak we yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek babatda toplanan milli tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

BMG-niň düzümleriniň wekilleri zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek üçin netijeli gurallar hökmünde sanly özgertmeleriň we innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdiler. Olar sebitde zenanlaryň gatnaşmagynda ylmy başlangyçlary we ekologiýa ugurly taslamalary ilerletmäge gönükdirilen maksatnamalary doly goldaýandyklaryny bellediler.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda zenanlaryň saglygyny goramak we ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin sazlaşykly gurşawy döretmek meseleleri barada durlup geçildi. Çärä gatnaşyjylar zenanlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň durnukly ösüşi kesgitleýän esasy ugur bolup durýandygyny bellediler.

Çykyş edenler mejlisiň dowamynda beýan edilen netijeli teklipleriň halkara tagallalary birleşdirmäge goşant boljakdygyna ynam bildirip, GDA döwletleri bilen BMG-niň institutlarynyň arasyndaky netijeli dialogyň dowam etdirilmeginiň Durnukly ösüş maksatlary babatda milli hem-de ählumumy wezipeleri ýerine ýetirmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.

Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde halkara hukugyň we zenanlaryň ornunyň ähmiýetine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler halkara hukuk binýadynyň zenanlaryň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna doly we deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýandygyny nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda häzirki döwrüň ählumumy meseleleri bilen baglylykda, zenanlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýän hukuk kadalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.

GDA ýurtlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda milli kanunçylyklary halkara standartlara laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Nygtalyşy ýaly, Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda yzygiderli tejribe alşylmagy raýatlaryň hukuk goraglylygynyň netijeli institusional gurallaryny döretmäge ýardam berýär. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmek hem-de halkara durnuklylygy üpjün etmek işine zenanlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

BMG-niň we ugurdaş halkara institutlaryň wekilleri adam hukuklary ulgamynda we BMG-niň Kararnamalaryny ilerletmekde konwensiýa mehanizmleriniň uly ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyşlarda zenanlaryň hukuklaryny pugtalandyrmak, döwlet derejesinde inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak hem-de zenanlaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça sebitde alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.

Mejlise gatnaşyjylar onuň dowamynda işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň GDA döwletleri bilen BMG-niň düzümleriniň arasyndaky hukuk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirip, parahatçylygy we uzak möhletli durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara zenanlar dialogy GDA ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini görkezdi. Mowzuklaýyn mejlisleriň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminamalar mundan beýläk-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, zenanlaryň hukuk kepilliklerini hem-de durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak üçin berk binýat goýdy. Foruma gatnaşyjylar jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda zenanlaryň ornunyň işjeňleşdirilmeginiň sebitde hem-de halkara giňişlikde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine kuwwatly itergi berjekdigine biragyzdan ynam bildirdiler.