Ï Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

view-icon 155
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Çäre özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Duşuşyk GDA ýurtlarynyň raýdaşlygyny we taryhy umumylygyny açyp görkezýän ynanyşykly we netijeli häsiýetde geçdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara ynanyşmagyň ýokary derejesini hem-de agza döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, GDA formaty meseleleriň giň toplumy boýunça garaýyşlary ylalaşmagyň netijeli guraly bolmagynda galýar. Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Mejlisiň dowamynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrleri geçiriljek sammitiň gün tertibindäki meseleleriň toplumyna seretdiler we kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa proseslerine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem diplomatik geňeşmeleriň dowamynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürleniljek resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamalar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alyp, döwletara dialogyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny bellediler. Mejlise gatnaşyjylar iri halkara guramalaryň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, diplomatlar Arkalaşygyň ýurtlarynyň senagat, çig mal serişde we tehnologik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalary höweslendirmek we ygtybarly önümçilik-üpjünçilik zynjyrlaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki ykdysady işe innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Ulag-logistika we energetika hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlary hökmünde bellenildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ygtybarly we netijeli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki işi dowam etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şeýle çäreler sebitiň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Däp bolşy ýaly, ynsanperwer ulgam duşuşygyň gün tertibinde möhüm orun eýeledi. Duşuşyga gatnaşyjylar agza döwletleriň halklaryny baglanyşdyrýan medeni we ylym-bilim alyşmalaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň, umumy ruhy we taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýän bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Diplomatlar GDA agza ýurtlaryň özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny üpjün etmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler. Mejlisiň dowamynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüt, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-da 2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt, 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Hukuk sowatlylygy ýylyny» geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt bar.

Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi agza ýurtlaryň strategik hyzmatdaşlygy we hemmetaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny görkezdi. Mejlisiň netijeleri GDA ýurtlarynyň öz halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge taýýardyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

***

Şeýle hem şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

***

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.