Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.
Dünýä ýagdaýlarynyň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Adam saglygy diňe her bir raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny kesgitleýän esasy ykdysady serişde bolup durýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň binýady bolup çykyş edýär.

Döwrebap ýokary tehnologiýaly infrastrukturany yzygiderli ösdürmek saglygy goraýşyň türkmen nusgasynyň möhüm ugry bolup durýar. Paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, şeýle hem ähli welaýatlarda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen iň täze lukmançylyk merkezleri, şol sanda Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ýöriteleşdirilen “Ene mähri” merkezleri, kardiologiýa, onkologiýa, stomatologiýa we ortopediýa boýunça toplumlar döredildi.
Durnukly ösüş bilen baglylykda, ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Azyk önümlerini witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrmak, ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak hem-de ilaty ählumumy immunizasiýa etmek boýunça döwlet maksatnamalary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy we degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy. Ýurdumyzda öňüni alyş lukmançylygy ekologiýa gün tertibi bilen berk baglanyşyklydyr. Agyz suwunyň we azyk önümleriniň hiline gözegçiligiň amala aşyrylmagy, şeýle hem köpçülikleýin sagaldyş-sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
Ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň işjeň we ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Ýurdumyz BSGG, ÝUNISEF, ÝUNFPA we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, iri halkara lukmançylyk forumlarynyň guramaçysy bolup çykyş edýär we keselleriň öňüni almak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek babatda toplan baý tejribesini paýlaşýar. Diýarymyzda yzygiderli amala aşyrylýan strategiýa her bir adama ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna deňhukukly elýeterliligi kepillendirýär.

...Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň açylyş dabarasynda hemmeleri mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Saglygy goraýyş ýylynda» geçýändigini belledi. Bu çäre parlamentarileri, döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.
Soňra çykyş etmek üçin foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, ilki bilen, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da üstünlikli başlyklyk edýändigi hem-de geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenilen şanly senesi bilen gutlady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini ýetip gelýän hünär baýramy bilen gutlady.
Walentina Matwiýenko 2026-njy ýylyň GDA-nyň giňişliginde “Saglygy goraýyş ýyly” ady bilen geçýändigini, şunuň bilen baglylykda, degişli forumlaryň, tematiki duşuşyklaryň guralýandygyny belläp, şu günki geçirilýän maslahatyň hem GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda degişli ulgamda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, çagalaryň saglygyny goramak, saglygy goraýşyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek işini şol wezipeleriň esasylarynyň hatarynda belledi.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Arkalaşygyň çäklerinde ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýändigini, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak maksady bilen, dürli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Walentina Matwiýenko GDA giňişliginde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň goşýan uly goşandyny belläp, şu günki çäräniň hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam we onuň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmekde halkara gatnaşyklara uly orun berilýär. Bu ugurda gazanylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, abraýly uniwersitetleri, şeýle hem tanymal alym lukmanlary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgeleri bu gün döwlet derejesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda alyp barýan işi uly buýsanç duýgusyny döredýär. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki çagalara çylşyrymly lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle hem gazna dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy we ykdysady betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu asylly işler Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir.

Sözüniň ahyrynda milli parlamentiniň ýolbaşçysy şu günki maslahatyň dowamynda öňe sürüljek täze başlangyçlaryň GDA ýurtlarynda we halkara giňişlikde saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, foruma gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekili Korinn Kapuano söz berildi. Ol öz çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda döwlet maksatnamalarynyň durnuklylygyny hem-de yzygiderliligini üpjün etmekde kanun çykaryjy edaralaryň möhüm ornuny belledi. Şeýle hem çykyşda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmekde gazanylan üstünliklere üns çekildi. Ulgamyň hukuk binýady köp sanly kanunçylyk namalaryny, şol sanda ýokanç we ýokanç däl kesellere, temmäkä we alkagolly içgilere gözegçilik etmek boýunça kanunlary özünde jemleýär.
Türkmenistanyň “Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” atly halkara başlangyjynyň dünýä dialogyna möhüm goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy. Bu başlangyja laýyklykda, lukmançylykdaky innowasiýalar diňe adalatlylyk we raýdaşlyk ýörelgeleri bilen berkidilende saglygyň bähbidine hyzmat edýär. Çykyşynyň ahyrynda Korinn Kapuano bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowa söz berildi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady.
GDA-nyň Baş sekretarynyň “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahatyň guramaçylaryna hem-de gatnaşyjylaryna iberen gutlagynda forumyň aýratyn strategik ähmiýeti nygtalýar. Bellenilişi ýaly, çäräniň “Ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar” atly şygary netijeli döwletara dialogy we Arkalaşyga agza ýurtlaryň möhüm meseleleri bilelikde çözmäge taýýardyklaryny beýan edýär. Bu maslahatyň GDA-da “Saglygy goraýyş ýyly” diýlip yglan edilen we Arkalaşygyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi raýatlaryň saglygy baradaky aladanyň 30 ýyldan gowrak integrasion hyzmatdaşlygyň dowamynda ileri tutulýan wezipe bolmagynda galýandygyna şaýatlyk edýär.
GDA-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Awazada geçirilýän bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Gutlagda Türkmenistanyň daşary syýasy we ynsanperwer başlangyçlarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýändigi we tutuş sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi aýratyn nygtalýar. Şeýle abraýly çäräniň türkmen topragynda geçirilmegi ýurdumyzyň diplomatiýasynyň işjeň we netijeli häsiýetiniň güwäsidir.
Sergeý Lebedew maslahatyň gün tertibi barada aýdyp, onuň ilkinji lukmançylyk – sanitar kömegini pugtalandyrmakdan başlap, derman serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çenli strategik wezipeleriň esasy toplumyny öz içine alýandygyny belledi. Bu möhüm ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynyň berk binýadyny goýýar.
GDA-nyň Baş sekretary forumda kabul ediljek jemleýji resminamalaryň we işlenip taýýarlanyljak maslahatlaryň Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine kanunçylyk tejribesinde we milli özgertmelerde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi.
Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa öz çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik we GDA giňişliginde saglygy goraýyş ulgamynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işi üçin Türkmenistana hoşallygyny beýan edip, şu günki maslahatyň GDA-da «Saglygy goraýyş ýylynda» geçirilmeginiň saglygy goraýyş meseleleriniň Arkalaşyk üçin aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýändigini we halklarymyzyň saglygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Akmaral Alnazarowa maslahatyň “Ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar” şygarynyň özara hyzmatdaşlygyň esas goýujy ýörelgelerini, ýagny ileri tutulýan milli ugurlara hormat goýmagy we umumy bähbitler üçin bilelikde hereket etmäge taýýarlygy beýan edýändigini aýdyp, GDA döwletleriniň toplan tejribesiniň birleşdirilmeginiň milli özgertmeleri has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra maslahat mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
«Ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi — ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşap almagyň binýady» atly mejlisde ilata saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmek üçin binýat hökmünde ilkinji lukmançylyk kömegini ösdürmegiň ugurlaryna üns berildi.
Çykyşlarda esasy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hiliniň we elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanda ilkinji lukmançylyk-sanitariýa infrastrukturasynyň ýokary derejesini bellediler.
Lukmançylyk edaralaryna döwrebap enjamlary, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion usullary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler ilkinji lukmançylyk ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek işini ýokarlandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamynyň serişdelerini netijeli dolandyrmaga ýardam edýändigini bellediler.
Foruma gatnaşyjylar ilkinji lukmançylyk kömegi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda iň gowy halkara we sebit tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mowzuklaýyn mejlisiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini kämilleşdirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen netijeli maslahatlary işläp taýýarladylar.
Forumyň ikinji mowzuklaýyn mejlisi derman serişdelerine elýeterliligi we olaryň ýokary hilini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meselelerine bagyşlandy. Çykyş edenler ilatyň zerur, ýokary hilli we elýeterli derman serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek we milli derman senagatyny döwlet tarapyndan goldamak babatda netijeli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň nusgasyny görkezýär.
Şeýle hem mejlisde nusgalyk kanunçylygy işläp taýýarlamakda parlament diplomatiýasynyň we parlamentara hyzmatdaşlygynyň ornuna aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar derman serişdeleriniň dolanyşygyny hukuk taýdan kadalaşdyrmak ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda lukmançylyk edaralaryny zerur dermanlar we beýleki lukmançylyk häsiýetli serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin logistika zynjyrlaryny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, kabul edilen maslahatlaryň GDA giňişliginde derman serişdeleri bilen üpjün etmek babatda hukuk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
«Saglygyň bähbidine salgytlar we ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlaryny maliýeleşdirmegiň durnuklylygy: parlamentarileriň orny» atly 3-nji mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar durmuş maksatnamalarynyň uzak möhletli durnuklylygyny üpjün edýän netijeli maliýeleşdiriş mehanizmlerini döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda maliýe serişdelerini netijeli ulanmak hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ylmy-barlag işlerini goldamak üçin innowasion maliýe-karz mehanizmlerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Şeýlelikde, Awazada geçirilen forum ählumumy saglygy goraýşyň möhüm meselelerini çözmek üçin netijeli dialog meýdançasyna öwrüldi. Onuň dowamynda beýan edilen teklipler hem-de başlangyçlar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmäge möhüm goşant bolar.