Ï Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýedäki metbugat saparyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýedäki metbugat saparyna gatnaşýarlar

view-icon 109
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýedäki metbugat saparyna gatnaşýarlar

Şu ýylyň 10 – 14-nji oktýabry aralygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasyna halkara metbugat sapary guralar. Sapara ýurdumyzyň öňdebaryjy döwlet we hususy neşirleriniň işgärlerinden düzülen wekiliýet gatnaşýar. Olar maglumat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de wakalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe tanyşdyryş we okuw çärelerine gatnaşarlar.

Metbugat saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýäniň medeni we infrastruktura desgalary bilen tanyşmak, ýurduň ösüş depginini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda gatnaşyjylar türk halkynyň däp-dessurlary we häzirki zaman medeniýetiniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda hünär we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar.