Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

view-icon 128

Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşýarys. Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek barada zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 9-njy oktýabrda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmegi, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär. Aýratyn-da, bu maksatnamanyň esasy özeni ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Ine, şu gün açyp ulanmaga berýän saglygy goraýyş maksatly binalarymyz hem biziň bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Täze gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 500 orundan ybarat bolup, ilata ýokary hilli ýöriteleşdirilen onkologiýa hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Merkezde onkologiýa kesellerini bejermek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümleri bar. Bu bölümleriň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde 2 müňe golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Umuman, dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen, alty gatdan ybarat bu halkara merkez ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we hassalary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler.

Hormatly adamlar!

Şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň ýene biri Stomatologiýa merkezidir. Täze Stomatologiýa merkezi häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda guruldy. Bu ýerde 900-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Merkezde diş keselleriniň öňüni almak we olary bejermek üçin ähli zerur şertler bar. Bu döwrebap merkezde jemi 20 bölüm bolup, onda raýatlarymyza häzirki zaman stomatologiýa hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem merkeziň ýatymlaýyn otaglarynda hassalar üçin amatly şertler üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde sanly ulgamyň, şeýle hem emeli aňyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Halkara pediatriýa merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bäş gatdan ybarat, jemi 17 bölümi bolan bu merkezde 1 müňe golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Halkara pediatriýa merkezi çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Şoňa görä-de, bu ýerde iň kämil we öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm resminamalaryň biridir.

Hormatly adamlar!

Biz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns bereris. Döwrebap, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş maksadymyzdyr.

Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ählisini hünär baýramy hem-de täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine bolsa alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.