2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tejribe alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar häzirki zaman ykdysady meýilleri we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.