Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türki döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň halkara sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Bu taryhy gün türkmen halkynyň jebisligini alamatlandyrýar. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan milli ösüş gün tertibini ilerletmegi, sebit we halkara derejede parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşmagyny dowam edip, türki dünýäde işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de raýdaşlyk görkezýär.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Ramil HASAN,
Türki döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Baş sekretary.