Ï Tebigaty goramak – umumy borjumyz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty goramak – umumy borjumyz

view-icon 111
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
Tebigaty goramak – umumy borjumyz
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bütindünýä göçýän guşlar güni (World Migratory Bird Day) ýylda iki gezek maý aýynyň ikinji şenbesinde we oktýabr aýynyň ikinji şenbesinde bellenilýär. Bu seneler guşlaryň ýazky we güýzki göçüşini alamatlandyrýar.

Paýtagtymyzdaky 55-nji orta mekdep üçin adatça, ylmy-ekologik jemgyýetçiligiň çäresi hasaplanýan bu baýramyň aýratyn ähmiýeti bar. Bu ýerde biologiýa mugallymy Anna Şamowanyň ýolbaşçylygynda «Jesuryň howlusy» atly ekotopar hereket edýär. Ol dürli synplarda okaýan, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine höwes bildirýän 50 çemesi okuwçyny özünde birleşdirýär. Biologiýa otagyna gireniňde, okuwçylaryň bu işe nähili yhlas bilen çemeleşýändiklerine göz ýetirmek bolýar. Otagyň içi ýerli haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň şekillerini we nusgalaryny görkezýän, hakyky görnüşe ýakyn maketler hem-de eksponatlar bilen bezelen.

Baýram mynasybetli mekdep okuwçylary üçin «Her bir guş möhümdir – siziň gözegçiligiňiz wajyp!» atly bilim beriş çäresi geçirildi. Oňa «Diýar» žurnalynyň fotohabarçysy, guşlar bilen gyzyklanýan Ahmet Taňrygulyýew myhman hökmünde çagyryldy. Myhman okuwçylara guşlary surata düşüren pursatlarynyň iň täsirlileri barada gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet tebigy goraghanasynyň 9-synyň hereket edýändigini nazara alsak, guşlar bilen gyzyklanýan adamlar üçin giň mümkinçilikler bar. Bir gezek Ahmet Kaýumowiç uzak wagtlap özüni görkezmedik bir guşuň ajaýyp owazyny eşidýär. Bu pursat onuň aňyndan çykmaýar. Ahyry, ýene bir gezek garaşyp oturan mahaly, ol şol owazyň eýesini görmegi başarýar. Bu saýrak guş sary bilbil bolup çykýar.

Öňler bu owadan guş Aşgabatda seýrek duş gelýärdi we esasan Köpetdagyň kölegeli dag jülgelerinde mesgen tutýardy. Şäheriň bagy-bossanlyga öwrülmegi, belent çynarlaryň we derekleriň köpelmegi bilen sary bilbil paýtagtymyzyň tebigy gurşawyna-da uýgunlaşdy. Ol gizlin ýaşaýyş endigi sebäpli, henizem şäher ýaşaýjylarynyň köpüsine seýrek görünýär.

Şeýlelikde, Ahmet Taňrygulyýewiň 150-den gowrak guş görnüşiniň suratlaryny özünde jemleýän ýygyndysy ýene bir owadan göçýän guşuň suraty bilen baýlaşdy. Ol garasardan birneme ulurak bolup, owadan owazy sebäpli köplenç «tokaýyň fleýtasy» diýlip atlandyrylýar.

Okuwçylar Ahmet Kaýumowiçiň gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Gürrüňiň serçeler barada baran pursadynda bolsa synp otagy has-da janlandy. «Jesuryň howlusy» ekotoparynyň adynyň batyrgaý bir serçäniň ady bilen baglanyşyklydygy belli boldy. Guşlara kömek etmek maksady bilen, okuwçy Öwezmyrat Sapargeldiýew howanyň üýtgeýän şertlerine durnukly, ýylylyk saklaýjy gatlagy we howa çalşygy ulgamy bolan emeli höwürtgeleriň taslamasyny işläp düzdi. Bu höwürtgeler jüýjeleri tomsuň jokrama yssysyndan we gurak ýellerden goramaga niýetlenendir.

Öwezmyradyň «Durnukly howa şertlerinde höwürtgeleme» atly taslamasy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit derejesindäki «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin howa bilimi we howa boýunça hereketler («Howa gutusy»)» başlangyjyndan ylham almagy bilen durmuşa geçirilýär.

2026-njy ýylyň aprelinde bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda geçirilen başlangyjyň jemleýji okuw maslahatynda tanyşdyryldy. Öwezmyradyň bu teklibi uly gyzyklanma döretdi we ýaşlary ekologik hereketlere çekmegiň üstünlikli mysaly hökmünde goldanyldy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem mekdep okuwçysynyň işine ýokary baha berip, taslamanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şol sanda tehniki we maliýe taýdan ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşyk tamamlanmaga golaýlaşdy. Hatda, arakesme jaňy hem okuwçylaryň ünsüni çekmedi, sebäbi söhbetdeşlik şeýle bir gyzykly we peýdaly boldy. Guşlary synlamak we peýdaly başlangyçlary öňe sürmek diňe bir ornitologlaryň işi däldir. Muny her birimiz başaryp bileris. Munuň üçin daş-töweregimizdäki dünýä üns bilen seretmek, ene topragymyzy tüýs ýürekden söýmek we ýagşy pikirlerimizi durmuşa geçirmegi başarmak gerek.