Ï «Ojar Aziýa» Kabulda geçirilen sergide maýa goýum we infrastruktura taslamalaryny tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ojar Aziýa» Kabulda geçirilen sergide maýa goýum we infrastruktura taslamalaryny tanyşdyrdy

view-icon 106
«Ojar Aziýa» Kabulda geçirilen sergide maýa goýum we infrastruktura taslamalaryny tanyşdyrdy

«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy 2026-njy ýylyň 7–13-nji oktýabry aralygynda Kabul şäherindäki Owganystanyň Halkara sergi merkezinde geçirilen Ymam Abu Hanifanyň adyny göterýän 5-nji milli we halkara söwda sergisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň biri hökmünde «Ojar Aziýa» sergä gelen myhmanlary özüniň esasy infrastruktura taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Sergi ekspozisiýasynda uzynlygy takmynan 450 kilometre deň boljak Sarahs–Mary–Serhetabat ugry boýunça döwrebap ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy esasy orny eýeledi. Kompaniýa tarapyndan teklip edilýän awtomagistral Türkmenistanyň Eýran bilen serhedini Owganystan bilen serhedi bilen birleşdirip, sebitdäki üstaşyr ulag gatnawlarynyň we söwdanyň ösdürilmegine ýardam eder.

Kompaniýa Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda häzirki wagtda gurulýan döwrebap ammar we logistika toplumyny hem tanyşdyrdy. Toplumyň ýyllyk kuwwaty 2,4 million tonna çenli ýüki we 43 800 konteýneri işläp geçirmäge niýetlenendir.

Tanyşdyrylan taslamalaryň arasynda Serhetabat şäherinde durmuşa geçirilýän myhmanhana-logistika toplumy hem bar. Umumy meýdany 5 gektar bolan çäkde 150 otagly myhmanhanany, 10 400 inedördül metr ammar jaýlaryny we 200 ýük awtoulagy üçin duralgany ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Möhüm taslamalaryň ýene biri Serhetabat şäherindäki döwrebap un önümçiligi kärhanasy boldy. Kärhana ýylda 6 384 tonna bugdaýy gaýtadan işlemäge we Owganystanyň bazary üçin takmynan 4 980 tonna ýokary hilli un öndürmäge niýetlenendir.

«Ojar Aziýa» kompaniýasynyň wekilleri G2B we B2B görnüşlerinde duşuşyklary geçirip, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň hem-de infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Serginiň çäklerinde kompaniýa Owganystanyň we Eýranyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakyndaky memorandumlara hem gol çekdi.

Sergä gatnaşmak Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky işewürlik we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup, kompaniýanyň halkara hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

«Ojar Aziýa» kompaniýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasydyr.

Kompaniýa telekeçiligi ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler, hususy pudaga berilýän hemmetaraplaýyn goldaw hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döredilýän amatly şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur hoşallygyny beýan edýär.