15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş edip, täze köptaraplaýyn platformany – Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa howpsuzlygynyň häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak we ykdysadyýetleriň ählumumy howa üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.
«Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany – Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär » diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy. Şeýle hem Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.